Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti tarapyndan «Ak öý» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän Telekeçi Şatlyk Ataýewiň önümçilik kärhanasynda zähmet çekýänleriň arasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belent derejelere eýe bolmagy hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Biziň gözümiziň görejine deňeýän eziz Watanymyz bar. Şeýle ajaýyp Diýaryň goýnunda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyz buýsançly başyny belent tutup, has röwşen günlere sary batly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda güller açýan ýurdumyz belentden-belent sepgitlere eýe bolup, älem-jahany haýrana goýýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolýar. Bu bolsa, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şanly wakalara beslenýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uly dabara bilen şöhratlandyran halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň  şanly toýuna taýýarlanýar. Şeýle mukaddes toýa sowgatly barmak bolsa biziň hemmämiziň watançylyk borjumyzdyr.

Bizi  şeýle buýsançly döwre eýe edip, eziz Diýarymyzy mundan beýläk has-da gülletmek üçin bimöçber uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.

TSTP