Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy mizemez gymmatlygymyzdyr» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halky Watan söýüji, öz topragyny gözüniň göreji deýin eý görýän, asudalygy, parahatçylygy söýýän halk. Bu häsiýet milletiň süňňüne ornan milli häsiýetdir. Hut şol parahatçylyk söýüjilikli häsiýeti bilenem uly at-abraýa eýe bolýar. Diýmek, bitaraplyk türkmeniň ruhunda bar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen has röwşen geljegine barýan ýurdumyz bu günki günde hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmak bilen, belentlikleriň täze basgançaklaryna çykýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ýokary görkezijiler kalplarda uly buýsanç döredip, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Halkara derejesinde mertebesi has hem ýokary galýan döwletimiz Milletler Bileleşigi tarapyndan teklipleri diňlenilýän we oňlanylýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününiň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi döwletimiz üçin uly mertebedir. Şu ýyl ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaraly belläp geçer. Bu şöhratly baýramçylygy mynasyp sowgatly garşylamak üçin halkymyz ýokary joşgun bilen zähmet çekýärler.
Eziz Watanymyzy gülledip, ösdürip, bizi şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak, işlemek, döretmek bagtyna eýe eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyz çäksizdir.
TSTP