Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti tarapyndan Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda zähmet çekýän pagtaçy ýygymçylar bilen duşuşyk geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollary dost-doganlyga sary uzaýar» ady bilen geçirildi. 

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandy dogrusynda gürrüňler edildi. Öz käriniň ussatlary pagta ýygymçylaryna welaýat partiýa komiteti tarapyndan höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

Işjeňlikde geçen wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny beýan etdiler. 

TSTP