Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Eziz dag» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda «Hemişelik Bitaraplyk – baky abadançylyk» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny ýokary derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz— Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz gülläp ösüp, älem-jahana ýaň salýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda beýik ösüşleriň gazanylmagynyň netijesinde halkymyz bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Munuň özi bolsa, joşgunly zähmet çekilmegine ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn şanly ýyllaryň birine öwrülýär. Ýurdumyzda bolup geçýän halkara derejeli şanly wakalaryň gerimi giňeýär. Şu ýyl Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplykderejesine eýe bolmagyna 30 ýyl dolýar. Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimiz bu günki günde ylalaşdyryjy merkez hökmünde uly abraýa eýedir. Bu şanly senäniň 30 ýyllygynyň toýunyň hem halkara derejesinde dabaralanjakdygy biz üçin örän buýsançly ýagdaýdyr. Bizi şeýle döwletli döwrana eýe eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir diýip belläp geçdiler.
TSTP