Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti tarapyndan «Rysgal» PTB-niň «Rysgally Mary» şahamçasynda «Parahatçylyk we durnuklylyk – Bitaraplygyň baş ýörelgesi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy wakasy boljakdygy guwandyrýar. Bitaraplygymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däpleriniň düýp mazmunynyň häzirki zaman aňlatmasy bolmak bilen, halkymyzyň parahatçylyk söýüji we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň  BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp alyp barýan parasatly daşary syýasaty bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatyň maksady Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Muňa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalar hem aýdyň subutnamadyr. Şol resminamalar parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge,  özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir diýip aýtdylar.

Goý, berkarar Diýarymyzy, mähriban halkymyzy parahatçylygyň, beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP