Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERIMIZIŇ DABARALANMASY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Häzirki ajaýyp döwrümiz taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşini nazarlaýar. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň demokratik ýörelgesini has-da dabaralandyrdy. Şeýle asylly ýörelgelerimiziň esasynda döwletli başlangyçlar ýola goýulýar, halk bähbitli işlere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşinde berk binýat, röwşen geljege ak ýol bolup durýar. 

Halkyň bähbitlerini öňe sürýän bu umumymilli forumda ýaşululara sala salynýar, olaryň sözi diňlenýär. Halal zähmeti bilen hormata mynasyp ýaşulular durmuşa geçirilýän işleriň beýikdigini, halk bähbitlidigini beýan edýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halk bähbitli, ýurt ähmiýetli çözgütler kabul edilip, döwletli tutumlara badalga berildi. Taryhy mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler halkymyzda uly buýsanç döredýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

TSTP