Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar

2021-nji ýylyň  12-nji fewralynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramagynda, Türkmenabat pagta egriji fabriginde  Il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy, amala aşyrýan özgertmelerimizi syýasy taýdan goldamak, mähriban halkymyzy döredijilikli işlere ruhlandyrmak, jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi berkitmek maksady bilen, “Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar” atly syýasy düşündiriş çäresi geçirildi. Syýasy düşündiriş çäresinde çykyş edenler  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, eziz Diýarymyzyň şäherleri we obalary täze keşbe eýe bolýar. Amala aşyrylýan ägirt uly işleriň ählisi bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwrümiziň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan durmuş syýasatynyň miwesi bolup durýar diýip bellediler. Çärä gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ömrüniň uzak, janynyň sag, belent başynyň aman, türkmen  halkynyň bagtly durmuşy ugrunda we umumy adamzat bähbitli, dünýä möçberli alyp barýan beýik işlerinde hemişe üstünlik hem rowaçlyk hemra bolmagyny arzuw  etdiler! 

TSTP