Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

PARAHAT WE ABADAN ÝURTDA – TOÝLAR GOŞA-GOŞADAN TUTULÝAR

Golaýda Aşgabat şäheriniň güni şeýle-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Görelde» söwda merkezinde duşuşyk  geçirildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanysmak» ýylynda gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we öňden görüjilikli syýasaty netijesinde beýik ösüslerini üstünlikli dowam etdirýär. Ýurdumyzda baýramlarymyzyň goşalanyp gelmegi, ýagny 25-nji maý — Aşgabat säheriniň gününiň, şeýle-de Türkmen halysynyň baýramynyn gabat gelmegi eziz Watanymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan sarpany has-da artdyrýar. Aşgabat häzirki wagtda senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşin, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Elbetde, ajaýyp Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň — ajaýyp sungatynyň şöhratyny belende galdyrýar. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerine wepalydygymyzy görkezýär we söhraty dünýä dolan türkmen halylarynyň ähmiýetini artdyrýar. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň daşary ýurtlarda-da uly söhrata eýe bolýandygyny görkezýär. Dünýä we içerki bazarlarda alyjylaryň uly islegine mynasyp bolan el halylarymyzdyr. Haly önümlerimiz, haly dokamak, keçe güllemek, basmak we beýleki milli amaly-haşam işlerimiz gadymdan gelýän medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ginden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, millilik, belent ahlaklylyk, zähmet söýerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halylarynyň giňden wagyz edilmegi we ýurdumyzda halyçylygyň işjeňleşdirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär. 

Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! diýip aýtdylar.

TSTP