Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTAN – ÝAPONIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESINDE

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Datly şerbet» hususy kärhanasynda «Türkmenistan – Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesinde» atly wagyz-nesihat çäresi  geçirildi.

Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda alynyp barylmagyna garaşylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ony mundan beýläkde ösdürmek üçin berk binýat döredildi. Ýaponiýa biziň üçin öňde baryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny ösdürmekde görelde bolup durýar. Ýaponiýanyň ylymda, senagatda gazanan üstünlikleri, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesi Türkmenistan üçin örän möhümdir. Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulagara baglanyşygyny ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlary ählisine gatnaşmagy üçin amatly şertleriň bardygyny bellemek gerek diýip aýtdylar.

Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, ýurdumyzda ýapon işewürleriniň geljekde-de uly taslamalara giňden gatnaşjakdygyna ynam bildirýäris diýip belläp geçdiler.

Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, ýokary derejelere çykarmakda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP