Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY – SYÝASY – HUKUK TEJRIBESINDE MÖHÜM ÇEMELEŞME

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi G.Orazowyň doňdurma we süýt önümler öndürýän kärhanasynda zähmet çekýän partiýa agzalarynyň arasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – syýasy – hukuk tejribesine möhüm çemeleşme» atly wagyz-nesihat çäresi  geçirildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy  halkymyzda buýsanç duýgularyny döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlarda arzyly sepgitleri eýeläp, halkara derejesinde uly abraýa, meşhurlyga ýetdi. Bu günki gün ýurdumyz ykdysadyýetiniň durnukly  ösüşini üpjün edýän döwlet hökmünde tanalýar.

Halkymyzyň parahatçylyk, özara ynanyşmak, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň bütin dünýä ýaýramagyna, Garaşsyz Watanymyzyň özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryna we borçlaryna ygrarly döwlet hökmünde bütin dünýäde ykrar edilmegine itergi berýän ägirt uly işleriň başlangyjynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP