Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli partiýanyň agzalarynyň arasynda düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Bu sene hakyky ählihalk baýramçylyk derejesine eýe bolup, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarardygyny görkezýän döwlet, jemgyýetçilik we saglygy goraýyş çärelerine beslenýär. Bütindünýä saglyk gününde geçirilýän çäreleriň esasy maksady jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek bilen bir hatarda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bolup durýar. Ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýän çäreler beden we ruhy taýdan kämil nesilleriň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, saglygy berkitmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, adamlaryň işjeňliginiň, ynsan ömrüniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Watanymyz saglygy goraýyş, sport, ekologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wezipeleri çözmekde jogapkärçilikli orun eýeleýär. Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara, sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzyň welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek boýunça başlangyjy dünýä giňişliginde uly goldawa mynasyp bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanda ýaşlaryň hem-de uly ýaşlylaryň arasynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň ýaşaýjylary welosiped sportuny uly höwes bilen özleşdirýärler, sport bilen meşgullanmak we gezelençleri amala aşyrmak üçin örän oňaýly hem-de ekologiýa taýdan amatly ulag serişdesi hökmünde onuň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berýärler. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýurdumyzda beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ilaty elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen saglyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bedenterbiýe we sport hereketini giňden düşündirmek, wagyz etmek, ýaýbaňlandyrmak işleri giň möçbere eýe bolýar. «Sagdyn bedende – sagdyn ruh!» diýen ýörelgä eýerip, baýramçylyk çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň işjeňligi ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri rowaç bolsun!
TSTP