Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

SPORT RUHUBELENTLIKDIR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Halkyň saglygy – döwlet berkararlygy» atly köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň edildi. Täsirli geçen duşuşyga gatnaşanlar türkmen sportuny dünýä ýaýmakdaky taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP