Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň «Gerçek» haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda telekeçi zenanlaryň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmak maksady duşuşyk geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar. Ýurdumyzda zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän şertler, hemem zenanlaryň ata Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandy barada söhbet etmek biziň üçin uly hormatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly şanly senelere, taryhy wakalara baýlygy bilen durmuşyň her bir ugrunda ruhubelentlik döredýär. Şeýle ruhy ýokary göteriliş zeminiň zynaty, gözelligiň hem ar-namysyň baýdagyna deňelýän mähriban zenanlarymyzyň ykbalynda-da bagtyýarlygyň nury bolup şugla saçýar. Häzirki gülläp ösýän döwrümizde zenanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda tutanýerli we joşgunly zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Telekeçilik hem ýurduň ykdysady ösüşini gazanmagyň, ilaty iş bilen üpjün etmegiň, jemgyýetiň ösüşine goşant goşmagyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän hususy telekeçileriň arasynda zenanlaryň hem bolmagy buýsandyrýar. Telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň aglaba köpçüligi bu günki gün halypa-şägirtlik ýoluny yzygiderli dowam etdirýärler. Telekeçi zenanlar bu günki gün haly we haly önümlerini öndürip, milli lybaslaryň, amaly-haşam sungatynyň nusgalyk görnüşlerini taýýarlap, milli baýlygymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginiň artmagyna, dürli azyk önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin bize ajaýyp şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar zamanamyzyň zenanlary özleri hakda edilýän bimöçber aladalary tutuş kalby bilen duýup, maşgala mukaddesligine wepaly bolup, asyly ýörelgelerimizi ýaş nesillere öwretmekde, her bir ugurda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýärler. Bize şeýle eşretli zamanada halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredilýän mümkinçilikler üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
TSTP