Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

BAKY BITARAPLYK – BAKY BAGTYMYZ

Şu gün   Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Eziz dag» hojalyk jemgyýetinde  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk – baky bagtymyz»  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz bolmak bilen, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürip, Bitaraplygymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk we ynanyşmak  ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyny nazarlaýar. Bu günki günde Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde halkara giňişliginde abraýy täze belentliklere çykýar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilmegi taryhy ähmiýete eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge, birek-birege ynanyşmagy, diplomatik ýol bilen düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna berilýän ýokary bahadyr. Şol bir wagtda Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyna abraý goşýar diýip aýtdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP