Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • UMUMY ABADANÇYLYK WE ÖSÜŞ MAKSATLARYNA LAÝYK GELÝÄN HYZMATDAŞLYK WE TÄZE MANY-MAZMUNA EÝE BOLÝAR

    Ýakynda ...

  • ILKINJI ÄDIMLER ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI – GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

    Golaýda...

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

PARAHATÇYLYK MUKADDES MIRAS

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi M.Anzarowanyň önümçilik kärhanasynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk mukaddes miras» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Üstümizdäki — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Nesip bolsa, bu taryhy ýylda hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Dostlukly halklary bir supranyň başyna jemlejek bu ajaýyp baýramyň şanyna ýurdumyzyň çar künjeginde, şol sanda, welaýatymyzda hem maslahatlar, dabaralar, döredijilik duşuşyklary, edebiýat agşamlary, umuman, medeni çäreler giň gerime eýe bolar. Agzybir halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň ýubileý toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinden döwletimizi gülledip ösdürmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP