Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmeiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça «Nesilleriň saglygy – halkyň bagtyýarlygy» atly düşündiriş – wagyz çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylan ilkinji günlerinden başlap, saglygy goraýyş, sport, ylym, bilim ulgamlary hil taýdan ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baştutanymyz türkmen jemgyýetinde bilime sarpa goýmak meselesini aýratyn zerurlyk hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän dürli derejedäki mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işiniň üznüksiz kämilleşdirilmegi üçin edilýän aladalar, bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, adalatly jemgyýeti hem-de üstünlikli ösýän demokratik döwleti gurmak, bilimli nesli kemala getirmek üçin esasy meseleleri çözmek bilen baglanşykly alnyp barylýan işler bu ulgamyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr.Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ynsan diňe bir beden taýdan tapawutlanman, eýsem onyň dünýägaraýşy, gözýetimi giňeýär, ruhy hem belent bolýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP