Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ZENANLAR ÝYLGYRSA GÜL AÇÝAR ZEMIN

Golaýda   Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmeiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli  «Zenanlar ýylgyrsa gül açýar zemin»  atly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Bahar pasly al-elwan gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň janlanýan döwri bolup, ähli gözelliklerini ynsanlara bagyş edýän owadan pasyldyr. Baharyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giden bellenilýär. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde mährem eneleriň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň kümüş saçly enelerini, gelin-gyzlaryny pul sowgady bilen sylaglaýar. Bu bolsa ýüreklerimizde buýsanç duýgularyny döredýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda zähmet çeken enelerimiziň «Zenan kalby» ordeni, sekiz we ondan köp çagaly zenanlarymyzyň «Ene mähri» diýen hormatly at bilen sylaglanylmagy depämizi göge ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda şeýle sözler bar: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mähir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulusyň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir». Bu gymmatly jümleler ýüreklere ýag bolup siňýär, ene hakyndaky beýik düşünjäni has-da beýgeldýär. Ýurdumyzda zenan sarpasyny belende götermekde we dünýä ýaýmakda döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys diýip aýtdylar. 

Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP