Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga-birinji orna mynasyp bolmagynyň ähmiýetini dabaralandyrmak maksady bilen «Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportyny ösdürmek boýunça başlangyçlary Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär» atly dabaraly maslahaty geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungaty has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwürde milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. «Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem «Galkynyş» topary täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy. Şenbe güni — 1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Ähli türkmen halkyny şeýle uly mertebä eýe edip dünýä tanadan we asuda abadan durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
TSTP