Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ MEKANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmeiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýilip yglan edilmegi mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda gadamy batlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän öňden görüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy arşa çykýar.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna gadam basan Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asmanymyz arassa, ýurdumyz parahat, il bähbitli, döwlet ähmiýetli bitirilýän işler barmak basyp sanardan köp. Ösüşli menziller barha rowaçlanyp, dostluk-doganlyk, agzybirlik, parahatçylyk bilen Türkmenistan Watanymyz dünýä nusga bolýar.

Döwletli döwranymyz, baky bagtyýarlygymyz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

TSTP