Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

HUSUSY TELEKEÇILIK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Ýedi hazynaly daýhan» daýhan hojalygynyň ýyladyşhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dostlukly daşary syýasaty berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň netijesinde Watanymyz beýik ösüşlere beslenýär. 

Ähli türkmen halky bilen birlikde, hususy pudagyň wekilleri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik ösüşlerimizi has-da okgunly dowam etdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekdiler. Biri-birinden şanly üstünliklere beslenip gelýän ýyllarymyzyň her birinde bolşy ýaly, 2024-nji ýyl hususy ulgamyň wekilleri üçin hem rowaçlyklar bilen gurşalan ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gysga döwrüň içinde özlerine bildirilen ynamy ödäp, abraýly netijeleri gazanmagy başarandyklary buýsançly ýagdaýdyr» diýen sözleri hususyýetçilerimiziň üstünlikli zähmetiniň kepili bolup, olaryň ýüreklerini joşdurýar hem-de geljekki ösüşlere ruhlandyrýar. 

«Ýyllar ýyla badalga» diýlişi ýaly, milli işewürlerimiziň 2024-nji ýylda gazanan ýokary önümçilik görkezijileri üstümizdäki ýyly hem uly zähmet üstünliklerine beslejekdiklerine bolan ynamyňy artdyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen durmuşa geçirilýän ähli taslamalar hemmetaraplaýyn çözgütleri özünde jemlemek bilen önümçiligiň ösmegine, iş ýerleriniň artmagyna, ykdysadyýetimiziň ýokarlanmagyna ýardam edýär, şol bir wagtyň özünde-de, milli hünärmenlerimize tejribe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!

TSTP