Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY ÝÜREKLERIŇ MUKAMY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Ataýewiň «Altyn Şöhle» haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda «Şanly ýylyň şygary ýürekleriň mukamy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň düýp mazmuny hem-de baş maksadydyr. Munuň özi ýyllarymyzyň bezegine öwrülýän taryhy tutumlaryň ählisiniň özeninde aýdyň görünýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň pudaklaryny senagatlaşdyrmakda, tebigy serişdelerimizi ählumumy bähbitlere gönükdirmekde ýetilýän sepgitler muňa subutnamadyr. Üstünliklere beslenýän şeýle tutumlar ata Watanymyzyň sebitde we dünýäde durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýan, dünýä halklarynyň abadançylygy, bagtyýarlygy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan ýurt hökmündäki ornuny berkidýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň kepili bolup durýar. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alan ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem döwletimiziň arşa galýan şan-şöhratynyň nyşany bolup dabaralandy.

Berkarar ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlar. Şanly senäniň hormatyna geçiriljek dürli derejeli çäreler bolsa halkara gatnaşyklarda döwletimize uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de ýubileý ýylynyň belent tutumlary ýurdumyzyň örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologik başlangyçlary öňe sürýän, uzak möhletleýin ösüş maksatlary bolan kuwwatly döwlet hökmündäki abraý-mertebesini täze belentliklere göterer.

Hemişelik Bitarap Watanymyzy parahatçylyk dörediji döwlete, dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!

TSTP