Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MAGTYMGULY PYRAGY: MILLI TERBIÝE WE ÝAŞLAR

Ýakynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Magtymguly Pyragy: milli terbiýe we ýaşlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Esasan hem ýaş nesillere terbiýe berlende şahyryň goşgulary mysal getirilýär, onuň ähmiýeti düşündirilýär. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatyň ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda uly ornunyň bardygy edebiýatçy alymlar tarapyndan bellenilýär.

Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgini, baý geçmişimizi, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär. Şahyr goşgy setirleriniň üsti bilen agzybirligi, jebisligi, bütewiligi, gaýduwsyzlygy ündäpdir. Magtymguly Pyragy agzybirligi türkmen halkynyň abadançylygynyň girewi diýip düşünipdir. Magtymguly Pyragynyň islendik şygryny okanyňda, ol ýüregiň töründe orun alýar. Şahyr Watany söýmegi, gaýduwsyzlygy, mertligi nesihat edipdir.

Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragy türkmeniň bagtyýar şu gününi, ýagty geljegini öňünden görüp, şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan şahyrdyr, paýhas dänesi bilen sözden akyl çäjini döreden beýik danadyr. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň belent ruhuny özünde jemläp, durmuşyň ähli ugurlaryny - taryhy wakalary, oňyn häsiýetleri, türkmenleriň urp-adatlaryny öz içine alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň döredijiligi çuňňur öwrenilýär we ýaşlara wagyz edilýär. Bu günki ýaşlara watansöýüjiligiň belent nusgasy düşündirilýär. Şunda hem akyldaryň döredijiligi nusga, ýol-ýörelge bolýar. Şeýle asylly ýörelgelerimize esaslanyp, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek mukaddes borjumyzdyr. Nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

TSTP