Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi Begenç Orazowyň önümçilik kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerlerde halkymyz bilen geljek ýylyň şygary maslahatlaşmak maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

«Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Öňe sürlen bu Kararnamalar döwletimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky tassyknamasydyr. Taryhy ähmiýetli Kararnama häzirki we geljekki döwürlerde asudalygymyzyň, parahatçylygymyzyň, milli we ählumumy howpsuzlygymyzyň üpjün edilmegini ileri tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup galýandygyny görkezýär. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, özara ynanyşmak esasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak, täze ösüşleri gazanmak ugrunda anyk ädimler bilen nurana geljege tarap ynamly ilerleýär diýip makulladylar. Parasatly pederlerimiziň paýhasyny ýörelge edinip, umumadamzat bähbitlere gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP