Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Datly şerbet» hususy kärhanasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan  binýady berkden tutulyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynda ýurdumyzy bedew bady bilen ösüş- özgerişleriň belent sepgitlerine ýetirmek, halkymyzyň parahat, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Dünýä döwletleri bilen milli we umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy berkitmekde döwletimiziň daşary  syýasy strategiýasy aýratyn ähmiýete eýedir. Parahatçylyk söýüjilik , hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň binýadyny düzýär. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli, netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. Döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini jemgyýetde,gündelik durmuşda ilerletmek bilen,   daşary syýasy strategiýasynda işjeň ulanýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamak  däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge,  bar bolan meseleleri çözmek, geljek nesiller üçin Abadan geljegi gurmak babatda dialog we hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki işlere gönükdirilendir. Bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän hemişelik Bitarap döwletimiz täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi.  Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk we durnukly ösüş ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendir we bu biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy daýanjy bolup durýar.

Watanymyzyň gülläp ösmegi, bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar edilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň  hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat  ähmiýetli  asylly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP