2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi B.Çopanowyň önümçilik kärhanasynda “Ylymly ýaşlar – Berkararlygy binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda kämil nesil kemala getirmäge, jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar gelejegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda uly aladalar edilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar diýip aýtdylar.
Ýaşlaryň ýürek buýsançlarynda işlemäge, özleriniň ukyp başarnygyny açyk görkezmäge giň ýollary açyp berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidendimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç almagy arzuw ediler.
TSTP