Şu gün – 3-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan “Magtymguly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýetiniň barha belende göterilýändigini, onuň watançylyga, dost-doganlyga, parahatçylyga çagyrýan şygarlarynyň halkymyza ýol-ýörelge bolýandygyny nygtadylar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysy türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelipdir. Kitaba akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, nesil terbiýesi, watançylyk ýaly pelsepewi garaýyşlaryny beýan edýän çeper şygyrlary girizilipdir.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen “Magtymguly” atly kitap ata Watana bolan mukaddes söýgiňi kemala getirmekde külli türkmen halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr. Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň ruhy şamçyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugurly şeýle beýik işler ildeşlerimizi has-da döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Dabarada çykyş edenler agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
TSTP