2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan “Täze kerwen” hojalyk jemgyýetinde telekeçi zenanlaryň ýeten sepgitleri bilen içgin tanyşmak maksady bilen, “Telekeçi zenanlar ösüşli ýollarda” atly duşuşygy geçirdi.
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri telekeçi zenanlar üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden we şertlerden peýdalanyp, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda ýüpekçilikde uly işleri alyp barýarlar.
Welaýatymyzyň telekeçi ýüpekçileriniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanan zähmet ýeňşi geçen ýyllardaky ýetilen belent sepgitleriň mynasyp dowamy boldy. Ýüpekçiler Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny özgertmeklige gönükdirilen Kararlaryndan ruhlanyp, senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni ýygnamaga hem yhlasly çemeleşdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti telekeçi ýüpekçi zenanlaryň arasynda ýygy-ýygynda bolup olaryň armasyny ýetirip durýarlar hem-de ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Ýüpekçilik bu gün öz ösüşinde täze öwüşginlere eýe bolup, ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň birine öwrüldi, onuň önümleri güneşli Diýarymyzyň içinde we daşynda uly islegden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen obasenagat toplumyny hem-de sebitleri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna uly itergi berýär. Amala aşyrylýan özgertmeler obada täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.
Türkmen telekeçilerine giň ýol açyp, ukyp başarnyklaryny subut etmäge, gurmaga, döretmäge, önüm öndürmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin! Watanymyzyň ösüşleri dowamat dowam bolsun!
TSTP