Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Döwletlilik nyşanlary milli buýsanjymyz

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi A.Rejepowanyň “Gerçek” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda “Döwletlilik nyşanlary milli buýsanjymyz” atly maslahaty geçirildi.

Her bir döwletiň dünýä giňişligindäki ornuny, ilki bilen, onuň hukuk binýady kesgitleýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň  güni her ýyl uludan bellenilýär. Hawa, Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň Garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr we milli gymmatlyklarymyza janymyz-tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň  subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyz ýokary hukuk  güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we  halkara ýörelgelere esaslanýan  möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar. Pederlerimiziň: “Adam edebinden tanalar, ýurt Tugundan” diýen ajaýyp pähimi bar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan Döwlet  baýdagymyz ýurdumyzyň Esasy Kanuny bilen birlikde, bitewiligi emele getirýär. Çünki, olarda ata-babalarymyzyň umyt-arzuwlary, häzirki bagtyýar zamanamyza we eşretli geljegimize bolan ynamy jemlenendir. Baýdagymyzyň esasyny düzýän ýaşyl reňk ýaşaýşyň gönezligi hasaplanylsa,  türkmen halysynyň gölleri bäş welaýatymyzyň doganlygynyň alamatydyr. Aý we bäş sany ýyldyz öz gezeginde, halkymyzyň asuda asmanyň astynda azat, erkin, agzybir durmuşda ýaşaýandygyny aňladýar. Baýdak döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewiliginiň nyşanydyr, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslikdir. Konstitusiýa döwletliligiň binýadydyr, döwletde halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uly möçberli maksatnamalar, durmuş-ykdysady we  jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler döwletimiziň Konstitusiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň belent başlary aman bolsun! 

Goý, ýaşyl Baýdagymyz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany bolup, hemişe belentde parlasyn!

TSTP