Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Berkarar ýurtda halk bähbitli beýik işler rowaçlanýar

2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda “Berkarar ýurtda halk bähbitli beýik işler rowaçlanýar” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň saýasynda türkmen  halky döwletli döwranyna guwanyp, gurýar we döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz ýeňişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.  Eziz Watanymyzyň depginli ösüş ýoly 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr!  Döwlet diňe halky bilen  döwletdir!” diýen şygaryny baýdak edinýän türkmen ili ajap eýýamymyzyň her bir gününi zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň bady barha artýar şol tutumly tagallalaryň maksadam milli  ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekden, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Öňde baryjy tehnologiýaly  kärhanalaryň gurluşygy bilen birlikde, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň,  döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna-da uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynda bize ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has takygy,  şu ýylyň 17-nji aprelinde Hormatly Prezi­dentimiz gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.  Şeýle-de Mary  şäheriniň günbatarynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň bina edilip, ulanylmaga berilmegi welaýat  merkezimiziň keşbini has-da gözelleşdirdi. Paýly gurluşygyň hasabyna bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary hilliligi göwünleri galkyndyrýar. Bu ýerde göze gelüwli ýaşaýyş jaý toplumy emele  gelip, ony synladygyňça synlasyň gelýär. Bu ýaşaýyş jaý toplumyny türkmen gurluşykçylary bina etdiler. Olaryň yhlas siňdirip, döredijilikli zähmetinden  kemala gelen owadan jaýlary, arassa, göni köçeleri synlanyňda  gurluşykçylarymyzyň ussatlyklary guwandyrýar. Haýran galdyrýan täze ýaşaýyş jaý toplumy “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyň il-gün bähbitli tutumly işlerde üstünlikli durmuşa geçirilýändigine  ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Mundan başgada Mary welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durky täzelenip, has-da döwrebaplaşdyryldy. 

Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna bolan iş sapary gününde ilata edilýän awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen “Türkmenawtoulaglar” agentliginiň “Maryawtoulag” önümçilik birleşigine Hormatly Prezidentimiziň adyndan täze awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşurylmagy ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň il-gün bähbitli işlerde üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň subutnamadyr.

Döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyza saparyna gabat gelen bu şatlykly wakanyň dabarasy alyslara aşdy. 

Türkmen telekeçilerine giň ýol açyp, gurmaga, döretmäge, önüm öndürmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin! Watanymyzyň ösüşleri dowamat-dowam bolsun!

TSTP