Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwleti ösüşiň täze tapgyrynda

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwleti ösüşiň täze tapgyrynda” atly  maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp gül açýan Watanymyzda  ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly  Pyragy” ýylymyzda ösüş-özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk tutumlary netijesinde ajaýyp döwrümiz  şanly wakalara beslenýär. Ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Durmuşa geçirilýän  giň möçberli özgertmeler ýurdumyzy çalt  depginler bilen ösdürmäge, halkymyzyň  hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.  “Watan diňe halky bilen Watandyr!   Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen   parasatly şygarlary döwlet syýasatynyň esasy  ýörelgesine öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan  beýik işleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin bimöçber uly tagallalar edilýär.  Halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, işlemegi üçin aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli  alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP