Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen özgerýär Watan

2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Eziz Dag” hususy kärhanasynda “Ykdysady ösüşiň ýoly bilen özgerýär Watan” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has jogapkärli we wezipeleriň öňde durýandygyny nygtady. 2024-nji ýylda welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitleriň üstümizdäki ýylda ýokary görkezijilere badalga bolmalydygy barada giňişleýin durup geçdiler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen başlanan üstümizdäki ýylda öňde durýan möhüm wezipeleriň bähbitli çözgütlerine ünsüni çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp, täze taryhy eýýamda halkymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende göterýän şeýle döwletli tutumlar hemişe rowaçlyklara beslensin! Agzybir türkmen halkyny nurana geljegine ynamly alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP