2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan “Röwşen” hususy kärhanasynda “Döwletli tutumlar bilen rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Çykyşlarda Türkmen halkynyň baky bagtynyň kepili bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzy indiki ýeňişlere, asuda, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşymyzy has-da pugtalandyrmaga, uly galkynyşlara, köptaraply üstünliklere, zähmet sepgitlerine ruhlandyrýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” bolsa agzybir, zähmetsöýer türkmen halkynyň şunuň ýaly döwletli maksat-tutumlarynyň, ýagşy arzuwlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününde şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan uly işler bitirilip, deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa öz nobatynda, gözümiziň görejine deňeýän ata Watanymyzyň günsaýyn ösýändigine, tutuş dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, baky berkarar ýurtlaryň birine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda hususy pudakda hem üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan anyk wezipeleri we döredip berýän giň mümkinçilikleri türkmen telekeçilerini bu günki günde täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar diýip belläp geçdiler. Agzybir türkmen halkyny nurana geljegine ynamly alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP