Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Maslahat duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Ataýewiň önümçilik kärhanasynda “Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen edebiýatyny, beýik şahsyýetlerimiziň adyny dünýä ýaýmakda alyp barýan döwletli işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berip, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmeginde çuňňur manynyň bardygy we ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirendigi barada buýsançly beýan etdiler.

       Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň döredijilikli işlemegi, yhlasly okamagy üçin giň mümkinçiliklere ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP