Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi R.Orazowyň önümçilik kärhanasynda “Geljege okgunly belent başlary, eziz watanmyzyň bagtly ýaşlary” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe hem sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Amala aşyrylýan beýik işleriň diňe şu günki ýaşlaryň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn harplar bilen ýazylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur mazmuny bardyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar.
Diýarymyzda ýaşlarymyz üçin çäksiz aladalar edilýär. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
TSTP