Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY ÝYLLAR — AK ÝOLLARA BADALGA

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hemde zähmet üstünliklerine beslenip, taryhyň şanly sahypalarynda, hakydamyzda baky orun aldy, halkymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna uly ynam, mynasyp üstünlikler bilen gadam basdy.

Ge­çen ýylyň 28-nji dekabrynda Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Ýaşaýyş jaý toplumynyň açylmagy Täze ýyl baýramçylygyna uly sowgat bolup, 2023-nji ýylyň bosagasynda ildeşlerimiz täze jaýlara göçüp, Täze ýyly täze öý-ojaklarynda garşyladylar. 

Täze ýaşaýyş toplumynda zerur bolan medeni-durmuş düzümleri döredildi, ýokary derejede enjamlaşdyrylan oýun we sport meýdançalary guruldy. Bu ýerde jemi 3064 maşgala niýetlenen, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-siniň, şeýle-de «Abadançylyk» söwda-dynç alyş merkeziniň, bazaryň, 320 orunlyk orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, 10 sany 2 gatly dükanyň gurulmagy täze toplumyň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. 

Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen täze binalar toplumynyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde birleşmäniň hem-de partiýamyzyň agzalarynyň gatnaşmagynda «Arkadagly Serdaryň Şa gadamy — bagtly ýaşaýşyň açary» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň hususy pudagynda döredijilikli zähmet çekýän telekeçilerdir işewürler döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunda döwletimiziň ykdysadyýetini has-da ösdürmek, azyk bolçulygyny berkitmek we täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri gurup, işe girizmek, eziz Diýarymyzyň halk hojalygyny döwrebaplaşdyrmak esasy orunda durýar. Ýurdumyzyň hususyýetçileri Diýarymyzda giň gerimli gurluşyklara badalga berip, durmuş ugurly syýasaty alyp barýandygy we telekeçilere berýän kömek-goldawlary üçin Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarlar. 

Hoşallyk maslahatynda-da nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. 2022-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň bellenýän günlerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda «Galkynyş» atly täze, döwrebap şäherçäniň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky ge­ňeşliginde 288 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala üçin jaýlaryň döwlet we hususy düzümler tarapyndan bina edilmegi-de munuň şeýledigini görkezýär.

300 hojalyga niýetlenen Galkynyş şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagy, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 200 orunlyk Medeniýet öýi, aragatnaşyk ulgamynyň binasy, söwda dükanlary, elektrik we suw geçirijiler, dynç alyş seýilgähi, metjit gurlup, ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Bu şäherçäniň gurluşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti baş potratçy bolup çykyş etdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky ge­ňeşliginiň çäginde bolsa 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açyldy. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny «Joşgun bina» hususy kärhanasy alyp bardy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa her biri 32 maşgala niýetlenen, 4 gatly jaýlaryň 40-sy ulanmaga berildi. Şeýle-de Seýdi şäheriniň «Dostluk» köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli desgalaryň, binalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, nou-haular, sanly ulgam ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Şeýle-de gurluşyk işlerinde «ýaşyl» tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Türkmen telekeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda birnäçe gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşdylar. Bu babatda Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi hem buýsandyryjydyr. Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň esasy wakalarynyň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegi we onuň düzüminiň tassyklanmagy-da munuň şeýle boljakdygyndan habar berýär. 

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary üçin düşümli, taryhy ýyllaryň biri boldy. Geçen ýylda partiýanyň IV gurultaýy üstünlikli geçirildi. Onuň dowamynda geçen döwürde edilen işlere seljerme berlip, TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Goý, Gahryman Arkadagly, Arkadagly Serdarly döwrümizde türkmeniň döwletlilik ýoly nurana ertirlere dowamat-dowam bolsun! 

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.