Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hususy pudak: ösüşler innowasiýa, täzeçilikHususy pudak: ösüşler innowasiýa, täzeçilik


      Hormatly Prezidentimiziň ýol­ başçylygynda eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifika­siýa ýoly bilen ösdürmek, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giň­den ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mu­nuň özi Garaşsyz, hemişelik Bita­rap Türkmenistanyň senagat taý­dan ösen döwletleriň hataryna deňleşmegine getirýär. Milli Lideri­miz ýurdumyzda sanly tehnologi­ýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, innowasiýa häsiýet­li önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny döretmäge uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanda 2019—2025-­nji ýyllarda sanly yk­dysadyýeti ösdürmegiň Konsep­siýasyna» laýyklykda amal edil­ýän işler ýurduň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda, şol sanda hususy pudakda hem düýpli öz­gertmeleriň geçirilmegine, bäs­deşligiň ýokarlandyrylmagyna, zähmet öndürijiliginiň has­-da art­dyrylmagyna, zähmetiň görnüşle­riniň we şertleriniň özgermegine oňyn täsir edýär.

Türkmen telekeçileri döwlet tara­pyndan berilýän uly goldawlardan we döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, iri taslamalary, se­nagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny, medeni­ dur­muş maksatly desgalary gurýarlar, täze obalary, şäherleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Döwlet mak­satnamalarynyň üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde alnyp ba­rylýan bu giň gerim­li işler ýurdumyzyň durmuş­ ykdysady taýdan ösdürilme­ginde, ilatymyzyň ýaşaýyş­ durmuş şertleriniň mun­dan beýläk hem gowulandyrylma­gynda möhüm äh­miýetlidir. Hormatly Prezidenti­ miziň: «Türkmen telekeçileri şä­herleri gurma­ga ukyplydyr!» diýen göwün galkyndyryjy sözlerinden ruhlanan işewürler Ahal welaýa­tynda hem köp sanly önümçilik we medeni­ dur­muş maksatly binalary gurýar­lar, ilatyň täze iş orunla­ry bilen üpjünçiligine uly goşant goşýarlar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen Ak bugdaý etrabynyň çägin­de ýuwujy serişdeleri öndürýän za­wod, mebel önümlerini, polietilen paketleri öndürýän kärhanalar, un zawody, Bäherden etrabynyň çä­ginde gazbeton önümlerini, şeý­le­-de gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawod, Kaka etrabynyň çäginde döwrebap ýyladyşha­nalar toplumy, Gökdepe etrabynyň çäginde keramiki kerpiçleri öndürýän kärhana, şeýle­de ýyla­dyşhanalar toplumy, Tejen etraby­ nyň çäginde guş iýmini öndürýän kärhana işe girizilip, müňlerçe täze iş orun­lary döredildi. Şonuň ýaly hem, te­lekeçilerimiz tarapyndan Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigini, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bagtyýar maşgala­ laryň ýüzlerçesiniň täze jaý toýlary­ ny toýlandygyny hem uly buýsanç bilen agzap bolar. Ahal welaýatynyň täze, döw­rebap edara ediş merkezindäki binalar we desgalar türkmen te­ lekeçileri tarapyndan amal edil­ ýän iri gurluşyklaryň biri. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen täze şäheriň binalarynyň we desga­larynyň gurluşygyna maýa go­ýumlaryň bölünip berilmegi, bu düýpli gurluşykda işleriň ýokary depginlerde alnyp barylmagy­ na şert döretdi. Mälim bolşy ýaly, täze dolandyryş merkezi­niň taslamasy ýurdumy­zyň günorta sebitini ös­dürmegiň çäklerinde iň soňky dünýä tejribeleri we innowasion tehno­logiýalar esasynda taý­ýarlanyldy. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurulýan welaýatymy­zyň täze, döwrebap edara ediş merkezi türk­men şäher gurluşyk puda­gynda gazanylan oňyn tejribeleri özünde jemläp, ýurdumyzyň ilatynyň ýa­şaýyş­durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün edýän şäherleriň birine öwrüler. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş­ durmuşy üçin aň­rybaş şertleriň döredilme­gi, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bol­magyny üpjün eder. Halkymyzy türkmen top­ragynda öndürilýän ýoka­ry hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bi­len üpjün etmekde hem welaýatymyzyň telekeçi­leriniň yhlasly işleýändikle­ri buýsandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň Karary bilen uzak möhletleýin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişde­leriniň yzygiderli goýberilmegi bilen häzirki wagtda işewürle­rimiz açyk meýdanda hem­de döwrebap ýyladyşhanalarda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler, dünýäniň öňdebaryjy, kä­mil tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanalarda önümleri gaýtadan işleýärler. Netijede, olar ýurdu­myzda importyň ornuny tutýan, eksport ugurly azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň üstün­ likli amal edilmegine, bazarlary­ myzyň, saçaklarymyzyň ýerli haryt­lar bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýarlar.

Telekeçi mydama täzeligiň göz­leginde bolýar. Innowasion teh­nologiýalarda täze önümçilikleri oýlap tapýarlar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabyndan telekeçi Arslan Nurgeldiýewiň ýurdumyz­da ilkinji bolup pawlowniýa aga­jyny ösdürip ýetişdirmegini, Tejen etrabyndan telekeçi Muhammet Ýemşikowyň kanola ösümligini ösdürip ýetişdirmegini şeýle täze­çilikleriň hatarynda agzap bolar. Türkmen topragyna uýgunlaşan bu ösümlikler ykdysady taýdan girdejili bolup, pawlowniýa mebel we saz gurallaryny ýasamakda, derman önümçiliginde, parfýu­meriýada, biotehnologiýada ula­nylýar. Kanola—ösümlik ýagynyň bir görnüşi bolup, esasan, iýmit hökmünde, şeýle­de önümçiligiň dürli ugurlarynda giňden peýda­lanylýar.

Mähriban Arkadagymyzyň asyl­ly başlangyjy bilen 2020-­nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň me­kany» şygary astynda geçýär. We­laýatymyzyň telekeçileri bu taryhy ýylda halkara derejede uludan bellenilýän hemişelik Bitaraplygy­myzyň 25 ýyllyk şanly toýuny beýik ýeňişlere, belent sepgitlere besle­mäge ruhlanýarlar. Milli Liderimiz tarapyndan işlemek, gurmak üçin döredilýän amatlyklar, yzygiderli berilýän goldaw­ hemaýatlar tary­hy ýyly zähmet üstünliklerine bes­läp, şanly baýramçylygy uly joşgun bilen garşy almaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, il­ýurt bäh­bitli, döwlet ähmiýetli beýik işlerin­de egsilmez rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 


 

председатель комитета Партии промышленников и предпринимателей Туркменистана ахалского велаята. - Огулджерен Казакова