Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Diýarymyzda işewürligiň çäksiz mümkinçilikleri

Türkmen telekeçileri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmegi özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar. Milli Liderimiziň telekeçiligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda degişli kanunçylyk çözgütlerini kabul etmek, telekeçiligiň ösüşini giňeltmek, ulgama täzeçil tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň girizilmegine ýardam bermek hem-de önümçilikleri täzeden tehniki taýdan enjamlaşdyrmak babatda hem-de hususy ulgamyň harytlaryny dünýä bazarlarynda alyjylara ýetirmegiň bitewi ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen parasatly syýasaty netijesinde Diýarymyzyň işewürleri durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar. Berkarar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki zaman awtomobil ýollarynyň, täze şäherçeleriň, senagat desgalarynyň, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça toplumlaryň desgalarynyň gurluşygy ýaly iri taslamalary ýerine ýetirýärler. Şonuň ýaly-da, şäherleri, etrap merkezlerini oba we şäherçeleri ösdürmegiň maksatnamasy, eksportyň täze ugurlarynyň döredilmegi işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmen telekeçileri önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary çalt we üstünlikli ornaşdyrýarlar, täze harytlary öndürip, hyzmatlary özleşdirýärler hem-de öz orunlaryny milli we dünýä bazarlarynda berkidýärler. Şunuň bilen birlikde täze önümçilikleri, kärhanalary we hojalyk jemgyýetlerini açmak boýunça telekeçilik başlangyjy goşmaça iş ýerlerini döredýär. Bu bolsa girdejileriň we raýatlarymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ösmegini üpjün edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň her ýylda geçirilýän sergisi ýurdumyzyň işewür toparlarynyň önümçilik kuwwatynyň ösüşini açyk-aýdyň görkezýär. Sergi pawilýonlarynda telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň giň köpdürlüligi ony synlaýanlarda guwanç duýgusyny döredýär. Sergä ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar gatnaşýarlar.

Bitarap ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna uly höwes we ruhubelent ýagdaýda işjeň gatnaşýan hususy ulgamyň işinde işewürler tarapyndan döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ähmiýeti hem uludyr. Partiýadan hödürlenen wekiller milli parlamentiň deputatlary bolup durýarlar, ýerli we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlanýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bir- leşmesiniň we partiýanyň bilelikde guramagynda telekeçilik ugry boýunça geçirilýän bäsleşik köpçülikleýin bolmagy bilen tapawutlanýar. On bir ugur boýunça geçirilýän bäsleşige ýurdumyzyň ýüzlerçe hususy kärhanalary gatnaşýar. Şolaryň arasynda «Ýylyň Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça öňdebaryjy telekeçisi», «Ýylyň eksportçysy», «Ýylyň senagatçysy»,«Ýylyň oba hojalykçysy», «Innowasion tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň öňdebaryjysy» we beýleki ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenýär.Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik nyşanynyň hem-de Hormat hatynyň dabaraly ýagdaýda döwlet derejesinde berilmegi türkmen telekeçileri üçin uly mertebe we ýatdan çykmajak еolgundyryjy wakadyr. Bu sylaglar hususy kärhanalaryň edara binalarynda mynasyp orny eýeleýär we işewürler olary uly buýsanç bilen öz hyzmatdaşlaryna görkezýärler. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişinde döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna, telekeçilik gurluşynyň kuwwatynyň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna üstünlikli geçýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň hasabatçysy - J.Rejepowa