Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BAGTLY GELJEGIMIZIŇ BINÝADY BERKEÝÄR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Türk menistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu umumy milli forumda Arkadag Prezidentimiz eden taryhy çykyşynda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürme giň öňde durýan wezipeleriniň üstünde durup geçdi. şeýle hem şu mejlisde 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga berlen konstitusion özgertmeleriň jemlerine garaldy. Bilşimiz ýaly, konstitusion özgertmeleriň barşynda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Netijede, Konstitusion toparyň 3-nji mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyp, metbugatda çap edildi hem-de ara alyp maslahatlaşmak üçin halk köpçüligine hödürlenildi. Bu resminamada-da dünýä tejribesi, gelip gowşan teklipler nazara alnyp, milli Liderimiziň teklip eden iki palataly ulgama geçmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Gürrüňi edilýän mejlisde döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşýanlaryň garamagyna Konstitusion Kanunyň taslamasyny hödürledi. Taryhy mejlisde Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň bir agyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň demokratik ýol bilen öňe gitmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli ýyl bolan 2020-nji ýylda türkmen halky giň gerimli özgertmeleriň depginli ösüşleriň aýdyň ýoly bilen abadan ertiriniň binýadyny berkden tutýar.

TSTP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy - T.Jumadurdyýewa