Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Telekeçileriň toý sowgady

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýar. Her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen sungat baýramçylygyny — Medeniýet hepdeligini kabul eden Mary welaýatynda «Täze Aý» kärhanalar toparyna degişli ýene bir döwrebap kärhananyň ulanylmaga berilmegi tutuş ýurdumyzy gurşap alan toý-baýramlara özboluşly sowgat boldy.

29-njy iýunda Mary welaýatynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde «Datly şerbet» hususy kärhanasyna bölünip berlen 11 gektar ýerde konditer önümlerini we kartondan dürli görnüşli, dürli ölçegdäki gaplary öndürýän döwrebap kärhana işe girizildi. Bu ýerde dürli görnüşli süýji we şokolad önümleriniň, şeýle hem şol önümleri gaplamaga niýetlenen kartondan gaplaryň önümçiligi ýola goýuldy. Täze kärhana iki düzümden ybarat bolup, onuň konditer önümlerini öndürýän bölüminiň kuwwaty ýylda 15 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Ikinji bölümiň önümçilik kuwwaty bolsa sagatda 7 müň şertli gaba barabardyr.

Germaniýada, Türkiýede, Russiýada we Niderlandlar Patyşalygynda öndürilen öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde täze iş orunlarynyň 260-dan gowragy döredildi.

Täze kärhanada öndüriljek «Täze Aý» haryt nyşanly konditer önümleri telekeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşandy bolar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze Aý» kärhanalar topary häzirki wagtda konditer önümleriniň köp dürli görnüşlerini, süýt we süýt önümlerini, doňdurma, şöhlat önümlerini we ençeme beýleki azyk harytlaryny halkymyza hödürleýär. Häzir «Täze Aý» haryt nyşany bilen jemi müňden gowrak görnüşli önüm öndürilýär.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ýeňillikleriniň, şert-mümkinçilikleriniň saýasynda täze üstünlikleri nazarlaýan telekeçiler mundan beýläk hem ýokary hilli önümleri has köp öndürip, içerki bazarda importuň ornuny tutýan we daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberini barha artdyrmagy, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýärler.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.

TSTP