Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

IMPORTUŇ ORNUNY TUTÝAN ÖNÜMLERIŇ ÖNÜMÇILIGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyz ykdysady-durmuş, medeni we beýleki ugurlar boýunça çalt depginlerde we durnukly ösýär we özgerýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty, badalga berýän düýpli özgertmeleri Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna badalga berýär. Döwlet Baştutanymyz: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýip belleýär. Ajap eýýamymyzda milli Liderimiz Türkmen telekeçiligini ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berip, ýurdumyzyň telekeçileriniň has-da döredijilikli zähmet çekmeklerine zerur şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli aladalanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl çygryň-hususyýetçiligiň ak ýolunyň rowaçlanmagynda bähbitli mümkinçiliklere ýol açýar. Telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldamagyň kanunçylygy kämilleşdirilip, bu babatda degerli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzda harytlaryň, önümleriň bolçulygyny döredilmegine, täze iş orunlarynyň peýda bolmagyna giň ýol açdy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyndan ugur alnyp, telekeçilerimiz bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde gowy netijeleri gazanýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümlerdir harytlaryň öndürilmeginde hususyýetçilerimiziň gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Bularyň hemmesi Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaçlampagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle ýeňişli menzilleriň Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany ýyly bolan üstümizdäki ýylda-da il-günümize ýar bolýandygy guwandyrýar. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşine Mary welaýatynyň telekeçileriniň saldamly goşantlaryny ýatlamak ýakymlydyr. Welaýatymyzyň hususyýetçileri halkyň köp sarp edýän harytlaryny ösdürmekde, önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýeri gelende oba hojalyk önümlerini öndürmekde “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasyny, “Ferhar” hojalyk jemgyýetini ýatlamak bolar. Ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen adygan hususy kärhanalardan “Ak hünji”, “Lälezar zaman”, “Eşretli kenar” ýaly hususy kärhanalaryň at-abraýy ýurdumyza mälimdir. Azyk önümleriniň dürli görnüşlerini ilata hödürläp, meşhurlyga eýe bolan “Täze aý” haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhanalar, “Mekan” hususy kärhanalary ýatlamak ýakymlydyr. Mary welaýatynda telekeçiligiň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetimiziň işgärleri we işjeň agzalary degerli işleri durmuşa geçirýärler. Biz welaýatymyzyň çägindäki telekeçileri arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Şol çäreleriň maksadam hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalaryny döwlet Baştutanymyzyň kabul edýän Milli maksatnamalarynyň Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr. Biz bu işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde alyp barýarys. Partiýamyzyň agzalary bilen syýasy-düşündiriş işlerini talaba laýyk ýola goýup, olaryň täsirliligini gazanmaga çalyşýarys. Partiýamyza agzalyga telekeçileri çekmekdäki aladalarymyzam gowy netijesini berýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň, Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýy toýlanyljak Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany ýyly taryhy wakalara beslenýär. Il-günümiziň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda aladalanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary. - Myratgeldi Annaöwezow