Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Işjeňlige eýe boldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan welaýatyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň arasynda dürli mazmunly wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlary ýygy-ýygydan geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de ýakynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän «Täç hil» haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhanada geçirildi. Oňa kärhanada zähmet çekýän ýaşlar we işjeň partiýa agzalary gatnaşdy. «Arkadagly Watan — türkmeniň bagty, Bitaraplyk saçýar ýollarymyza ýagty» ady bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleri çykyş edip, ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynyň häzirki günlerinde ata Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar, binagärlik açylyşlary, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler hakynda uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösüşi, hususy pudagyň wekilleriniň taryhy ösüşlere goşýan saldamly goşandy dogrusynda aýdylanlar täsirli boldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda içerki bazarlar we eksport üçin ýokary hilli önümçilikleri döretmek, ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalarda telekeçileriň orny uludyr. Milli Liderimiziň bu ugurdaky öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek şu günüň möhüm talabydyr. Wagyz-nesihat häsiýetli duşuşykda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine her birimiziň işjeň gatnaşmalydygymyz, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşant goşmalydygymyz bilen baglanyşykly öwüt-ündewler aýdyldy. * * * Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetinde geçirilen duşuşyk hem täsirli boldy. Oňa telekeçi ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy we çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlemegi duşuşygyň netijeliligine ýardam etdi. Duşuşykda täze taryhy döwürde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýeti barada söhbet edildi. Çykyş edenler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmeginiň şanly ýylyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri bolandygyny bellemek bilen, ondan gelip çykýan wezipeleri düşündirdiler. Özara sowal-jogap alyşmak häsiýetinde geçen duşuşygyň barşynda ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýurdumyzda önüm bolçulygynyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşmak bilen baglanyşykly degerli maslahatlar berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkyň aladasyny ähli zatdan belentde goýýan milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň hemişe-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Председатель комитета Партии промышленников и предпринимателей Туркменистана ахалского велаята. - Огулджерен Казакова