Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Döwre buýsanç işjeňligi artdyrýar

Uly üstünliklere beslenen 2020-nji ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz täze ― 2021-nji ýyl üçin ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiz hususy pudagyň işini mundan beýläk-de ilerletmek, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmelerden habarly bolmagyny gazanmak ugrunda-da degişli tabşyryklary berdi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, esasy işi merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybarat bolan bu düzümler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Zerhal NARMAMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji: ― Garaşsyz Watanymyzda ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilýän işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda partiýamyzyň agzalarynyň-da mynasyp goşandy bar. Amala aşyrylýan özgertmeleri, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryny, Halk Maslahatynyň taryhy çözgütlerini wagyz etmek, şeýle hem milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen, halk köpçüliginiň arasynda geçirilýän duşuşyklara, söhbetdeşliklere we beýleki çärelere-de işjeň gatnaşýarys. Diýarymyzyň ösüşinde hususy pudaga möhüm ähmiýetiň degişlidigini göz öňünde tutup, häzirki döwürde diňe bir önümçilik işi bilen meşgullanman, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň döwrebap neslini kemala getirmek ugrunda hem aladalanýarys. Çünki milli Liderimiz geçirýän maslahatlarynda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleri yzygiderli alyp barmagy nygtaýar. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen üstümizdäki ýylda hem alyp barýan işlerimiziň gerimini barha giňeldýäris. Biz mundan beýläk-de hususy telekeçiligi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşarys. Ajaýyp döwre we bagtyýar ýaşaýşa bolan buýsanjymyz bizi täzeçe we netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Akmyrat BABAÝEW, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary: ― Biz geçen 2020-nji ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň tassyklanylan meýilnamasyna we Birleşigiň Tertipnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bilen dostlukly gatnaşyklaryň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdyk. Birleşigiň işjeň agzalary ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, söwda hem-de beýleki ulgamlarda öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli üstümizdäki ýylda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri we festiwallary guramak boýunça işleriň täze meýilnamasyny taýýarladyk. Bu şanly sene mynasybetli birleşigiň daşary ýurtlardaky türkmen medeni jemgyýetleri hem-de bölümleri bilen bilelikde maslahatlary hem-de wagyz-nesihat çärelerini guramagy hem meýilleşdirýäris. Şeýle-de 2021-nji ýylda birleşigimiziň döredilenine hem 30 ýyl dolýar. Bu mynasybetli Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyny ýokary derejede geçirmäge häzirden uly taýýarlyk görýäris. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmeginiň ähmiýetini dünýä türkmenleriniň arasynda giňden düşündirmek bolsa biziň işimiziň esasy ugry bolar.

Zerhal NARMAMEDOWA