Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Azyk bolçulygy döredilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda rowaçlyga beslenýän täze taryhy eýýamyň ýyllarynda ykdysady ösüş-özgerişleriň gerimi giňedi. Milli ykdysadyýetimizde üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän düýpli özgertmeler jemgyýetimizde bazar gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen netijeli işler bilen sazlaşykly utgaşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüp, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly däl çygryň — hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegine giň ýol açdy.

şeýlelikde, türkmen telekeçileri döwlet Baştutanymyzyň telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, netijeli işleri durmuşa geçirdiler we geçirýärler. Hususyýetçilerimiziň irginsiz aladalary bilen azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekdäki ynamly gadamlarynyň bady artýar. Ýurdumyzda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlanyp, bu möhüm meselede telekeçileriň goşantlary uly orna eýe bolýar. Bu babatda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň tagallalarynyňam ýerine düşýändigini ýatlamak ýakymlydyr.

Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmeklige, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen giň möçberli tagallalara badalga berýär. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösdürilmegi bilen gönüden-göni bagly bu möhüm meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Garaşsyz döwletimiziň telekeçileriniň öndürýän harytlarydyr önümleriniň sergilerine yzygiderli gatnaşyp, bu çygryň ösdürilmegi bilen gyzyklanyp durýar. Hususyýetçiligiň ösdürilmeginde welaýatymyzda ýetilýän sepgitlerem guwandyrýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz welaýatymyzda iş sapary bilen bolup, “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynda işleriň ýola goýluşy bilen tanyşdy. “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Toýly Çaryýewiň oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň gerimi giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ýerde alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirmeginiň özi welaýatymyzyň telekeçileriniň miweçiligi, maldarçylygy ösdürmekdäki, olaryň alyp barýan işlerine berlen ýokary bahadyr. Döwlet Baştutanymyzyň “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynda işleriň ýola goýluşy bilen içgin tanyşmagy ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu waka welaýatymyzyň telekeçilerinde ýokary ruhubelentligi, has-da döredijilikli zähmet çekmäge isleg-höwesi ýokarlandyrdy. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususyýetçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm çygryna öwrülmek bilen, bu çygryň kärhanalarynda bitirilýän işleriň, öndürilýän önümleriň möçberleri barha artýar. Ýene bir bellenilmeli zat bolsa, hususyýetçilerimiziň ýokary hilli we bäsleşige ukyply önümleri öndürmekdäki gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Ilata hödürlenýän önümleriň görnüşlerem artyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümlerdir harytlaryň ornuny tutmakdaky mümkinçilikleri giňeýär. Bularyň hemmesi milli Liderimiziň Garaşsyz döwletimizde azyk bolçulygyny döretmekdäki başlangyçlarynyň rowaç alýandygynyň subutnamasydyr. Welaýatymyzda telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmeginde partiýamyzyň welaýat komiteti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi bilen bilelikde degerli işleri durmuşa geçirýär. Biz welaýatymyzyň hususyýetçilerini hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini, Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge jemlemekde degerli işleri alyp barýarys. Telekeçilere döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijeliligine ýardam etmäge çalyşýarys. Häzirki wagtda türkmen halky milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şanly senä — hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýuna barýar. Bu toýy mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin welaýatymyzyň telekeçileri ähli tagallalary edýärler. 

T.Jumadurdyýewa