Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hususyýetçilik — ýurduň altyn gaznasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Şu gün bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlaýar. Däp bolan forum ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezer.

Bu aýdylanlary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüş depgininiň 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň 108,1 göterime barabar bolandygy hem doly tassyklaýar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň şu ýylyň birinji çärýegini uly üstünliklere besläp, şanly senä mynasyp zähmet sowgatly gelendigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz 8-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir. Telekeçiler partiýasynyň agzalary ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, milli ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly ykdysady strategiýasynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Şunuň bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar kämilleşdirilýär, netijeli býujet, salgyt, bank syýasaty alnyp barylýar.

Hususyýetçileriň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergide döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri mynasyp orun eýeleýär. Şeýle hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň şöhlelendirilýär.

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere görä, telekeçilige sanly ulgam toplumlaýyn ornaşdyrylýar. Innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar. Şu günki sergä köpugurly internet we kompýuter hyzmatlaryny hödürleýän işewürler hem gatnaşýar.

Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmagyň Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan mejlisde durmuşda has gerekli önümleriň, aýratyn-da, azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek bilen bagly meselelere-de aýratyn üns berdi. Azyk bolçulygyna goşant goşýan telekeçiler şu günki forumda çörek, süýji-köke, süýt-gatyk, alkogolsyz içgilerdir miwe şireleri, et, şöhlat we balyk önümleri, ýyladyşhana, guşçulyk, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýarlar. Olaryň hiline aýratyn gözegçilik edilýär. Şunuň bilen bagly hil barlaglary boýunça enjamlar, halkara güwänamalar hem sergide görkezilýär.

Serginiň bölümlerinde dürli senagat önümleri bar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde senagat zolaklarynyň döredilmegi, olaryň göwnejaý işini guramakda goldaw-hemaýatlaryň yzygiderli berilmegi dünýä ülňülerine laýyk gelýän harytlaryň önümçiliginiň has-da ösmegine getirýär. Hususy pudakda öndürilýän polietilen we polipropilen, keramika, mebel önümleri, gurluşyk serişdeleri ýokary hilliligi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Senetçilik hem işewürligiň ösen ugurlarynyň biridir. Iri gözden geçirilişde zergärler, halyçylyk we tikinçilik bilen meşgullanýanlar täze önümlerini görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň, aýratyn-da, çet-gyraky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek, ýaşlar telekeçiligini goldamak barada aýdanlary başymyzy göge ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan durmuşymyza buýsanmalydyrys.

Saparmyrat OWGANOW,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.