Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Yhlasly zähmetiň eşreti

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda telekeçilileriň sany barha artýar. Olara döwlet tarapyndan amatly şertleri döredilýär, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawlar berilýär Döredilýän ýeňillikleriň netijesinde azyk bolçulygyny döretmekde, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny has-da gowulandyrmakda, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanyp gelen asylly ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hususyýetçilerimiz arman-ýadaman zähmet çekýärler.

         Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri, hyzmaty uludyr. Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyryp, ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde we bazar bolçulygyny döretmekde bu günki gün türkmen telekeçileri özleriniň ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. 

Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdary yzygiderli artdyrylýar hem-de halkymyzyň zerur azyk önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylýar. Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda oba hojalykçylaryň iş-aladalary has-da artyp, geljekki hasylyň düýbüni tutmak işleri guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar, tejribeli oba hojalykçy telekeçilerimiziň şu günki çekýän tutanýerli zähmeti geljekki bol hasylyň kepili bolup durýar. Ene ýerden bol hasyl almaklyk, ýylyň dowamynda irginsiz, hysyrdyly zähmeti talap edýär. Bu telekeçiler her bir daban ýerden önýän ekiniň miwesiniň keremlidigine, gymmatlydygyna, esasan-da, şularyň ählisiniň saglyk üçin hem örän peýdalydygyna aňryýany bilen göz ýetirýärler. Bu günki çeken zähmetiniň ertirki gün bol miwe berýändigine buýsanýarlar. Bag nahallaryny ekmek, ozal ekilen baglara ideg etmek zähmetsöýer telekeçilerimiziň esasy wezipesi bolup durýar. Jeýhuny ýakalap oturan Lebap topragynyň islendik künjegine baranymyzda dürli miweli baglara gözüň düşýär, baglary damjalaýyn usulda suwarmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň üçin zerur bolan tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Bu bolsa  ekinleri ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmek baradaky wezipäni çözmäge uly ýardam berýär.

          Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberini artdyryp, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek babatda giň möçberli işleri alyp barýan Lebaply telekeçiler häzirki wagtda döwrebap ýyladyşhanalaryň onlarçasynda bol hasyl öndürýärler, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler, eýýäm birnäçe ýyl bäri  ýer almasyny we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ussatlyk görkezýärler. Şeýle telekeçilerden Bäşimow Jelaletdini, Açilow Döwleti, Kulyýew Didarjany, Döwranow Babamyrady, Şaýlyýew Heseni, Ylýasow Gaýypnazary, Seýliýew Rustemi, Babakulyýew Imamkulyny, Abatow Döwleti agzap geçmek ýerlikli bolar. Bularyň alyp barýan işleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna güwä geçýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň bilelikde gurnamagynda oba hojalykçy telekeçiler bilen geçirilen duşuşyk has-da ähmiýetli boldy. Bu duşuşykda oba hojalykçy telekeçiler özara pikir alyşyp öz tejribesini paýlaşdylar. Oba hojalyk ekinlere zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmek barada alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler hem-de Döwletimiziň goldaw bermeginde ýeten belent sepgitleri barada buýsanç bilen aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

L.Rejepowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy