Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Kömelekli ýyladyşhana

Diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmekde mynasyp paýy bolan hususy kärhanalaryň biri Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde Uly Balkan dagynyň degresindäki Düzmergen ýaýlasynda bina edilen «Altyn Nur–Zamany» ýyladyşhanasynda «Gelin» we «Weşinka» diýlip atlandyrylýan kömelekler ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde kömelekleriň her görnüşi üçin ýyladyşhanalaryň 6-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ýyladyşhanalar toplumy 2021-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Häzirki günde kömelekleriň iki görnüşiniň hersinden günde 100–150 kilogram hasyl alýarlar. Her ýyladyşhanadan ortaça bir ekişde 3,5 – 4 tonna hasyl alynýar. «Weşinka» kömelegini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite barlaghanalarda tohumy we topragy taýýarlanandan soňra, ony pagtanyň şulhasyna ekýärler. Birnäçe wagtdan soň kömelekden bol hasyl alyp bolýar. Mundan başga-da, «weşinka» kömelekleri ýörite gaplaýjy bölümde çüýşe we demir gaplara gaplanylýar.

Şeýle-de, ýyladyşhanada gelin kömelekleriň tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär. Geljekde ýyladyşhanada ekilýän ekinler üçin ýörite topragy taýýarlamak hem meýilleşdirilýär. Önümçilik bölümi Hytaý we Ýaponiýa döwletleriniň ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilip, birnäçe iş orunlary hem döredilipdir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň häzirki günlerinde bu ýyladyşhana toplumynda bereketli hasyl ýygnalyp, ösen enjamlaryň kömegi bilen şu günüň talabyna laýyk gaplanan we konserwirlenen görnüşinde ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. geljekde kömelekleri daşary ýurt döwletlerine eksport etmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde ýetişdirilýän kömelekli ýyladyşhananyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Ahmet Annaýewe degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň özümizde ýetişdirilýän dürli kömelek we kömelek önümleri bilen ýylyň tutuş dowamynda yzygiderli üpjün edilmegi işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat telekeçilerimiz we ýyladyşhanada gaýratly zähmet çekýän agzybir hünärmenler kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.