Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir hem zähmet söýer halkymyz baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede garşylamak üçin ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 24nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi naýbaşy baýramyň dabarasynada şanyna şan goşup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Halk häkimiýetiň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň aýdyň güwäsi bolar. Onda ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýetilen belent sepgitleriň jemi jemlenilip, ýurdumyzyň ösüşinde öňde durýan täze wezipeler kesgitlener, il ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini ilýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir» diýip nygtaýar. Şu dürdäne sözlerden hem görnüşi ýaly, öňümizde boljak ählihalk forumy ilýurt bähbitli işleriň hasda öňe ilerlemeginde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar. Gündelik täzeliklere ser salmak üçin gazetdir, žurnallary ele alanyňda makalalarda ýa-da goşgy setirlerinde gabat gelýän “Garaşsyzlyk biziň ata–babalarymyzyň arzuwlan bagty” diýen sözleri okanyňda, biygtyýar oýa batýarsyň.
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, türkmen halkynyň atababalarymyzdan bäri dowamat dowam bolup gelýän demokratik ýörelgeleriniň hasda dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde ilimiziň, ýurdumyzyň bähbidine gönükdiriljek möhüm meseleleriň birnäçesi öz beýanyny tapar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezer.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.
Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar!
Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly tutumly toýlara beslensin!
Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!
Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.