Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÖWLETLI MASLAHAT – DÖWLETLI ÇÖZGÜTLER

           Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek bu günki gün däbe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz köküni Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan Il-ýurt bähbitli Halk Maslahatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrýar. Halk Maslahaty halkyň agzybirligini jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanýar. Häzirki döwürde Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belleýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalarynyň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda hem döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini nazara alýan türkmen döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi bilen, berkarar Watanymyz öz ösüşinde belent sepgitlere ýetdi. Hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty yzygiderli durmuşa geçirip, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda «Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dolandyryş çözgütleriniň ähmiýeti uludyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilýär. Şu maksatlar bilen wekilçilikli edaralaryň işine, olaryň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna, guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär.   

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň, iş ýerlerini döretmegiň halkymyzyň hal ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy, hususyýetçiligiň ösdürilmegi üçin wajyp şertleri üpjün etmegiň, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermegiň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp geçýär.     

Şu aýdylanlardan ugur alyp ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär.

         - Ýene sanlyja günden, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleri kabul eder.   

           Gahryman Arkadagymyzyň «Halk maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uly bolmalydyr» diýip belleýşi ýaly, döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň rowaçlygyň berk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhyny, alyp barýan işleriniň köpugurlydygyny, onuň syýasy jemgyýetçiliki ähmiýetini wagyz etmek boýunça ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmek, biz syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň mukaddes borjudyr.

   Türkmen halkyny ýagty geljege tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.