Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Bitaraplyk – parahatçylygyň baky binýady

         Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasatyny ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ähli şertleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem Milli Liderimiziň umumy adamzat bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlsinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Türkmenistanda Halklara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmekligiň teklip edilmegi hem parahatçylygyň adamzat üçin zerur şertleriň birdigini doly subut edýär. 

         Dünýäniň ähli halklary üçin ähliumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi Hemişelik Bitaraplygymyzyň daşary syýasatymyzdaky beýanydyr, Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklara giň orun berýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. Munuň düýp özenini bolsa taryhy kökler, milli durmuş aýratynlyklary hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ýörelgeleri mynasyp orny eýeleýändir. “Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp toparyň gatnaşmagynda esaslanýan oňyn, okgunly ösüşidir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar” diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmege çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär.

         Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalary hödürleýär we amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji ýörelgeleri onuň baş aýratynlygydyr. Türkmenistan 1995-nji ýylda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny we sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, milletler bileleşiginiň taglymatlaryny we ýörelgelerini Merkezi Aziýada ornaşdyrmagyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bolsa Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda barha ösýän netijeli hyzmatdaşlygyň täze basgançagy boldy. Bu merkeziň alyp barýan işleri sebit giňişliginde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de durnukly ösüşiniň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem bu ugurda biziň ýurdumyzyň tejribesiniň has giňden ykrar edilýändigini äşgär görkezdi. 

         Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde durmuşa geçirilýän umumy adamzat bähbitli başlangyçlar dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigini häzirki wagtda Türkmenistanyň döwrüň has ähmiýetli meseleleri boýunça dürli görnüşlerdäki gepleşikleriň umumy ykrar edilen meýdançasyna öwrülmegi hem doly aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatda eden taryhy çykyşynda hem Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkalaryň abadan hem asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigini giňden bellenilip geçildi. Halkara maslahatyň çäklerinde dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň ünsüni bir ýere jemlän taryhy resminamalaryň halklaryň abadan durmuşyny we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.  

         Häzirki döwürde Bitaraplyk syýasaty ähliumumy howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmekde wajyp meseleleriň guraly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanşyklydygyny belleýär. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk, sabyrlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek hem-de durmuşa geçirmek bilen birlikde, bu halkara gatnaşyklarynda hem giň beýanyny tapýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içeri gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanýar, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň dowamatynyň we ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar. Türkmenistan çärýek asyra golaý netijeli alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry milli bähbitleri özünde jemlemek bilen bilikde, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatnamalaryna, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, döwletara gatnaşyklarynyň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine laýyk gelýändigini äşgär görkezdi.

         “Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!”. Dörediji Liderimiziň türkmen halkyna peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda beýan edilýän pikir-garaýyşlaryň özen-örküni düzýän şu jümleleriň manysy hakda oýlananyňda, 25 ýaşy arka atan türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döretmekde toplan tejribesi, Bitaraplygy ganat edinip, dünýä syýasatynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrülen ýurdumyzyň daşary syýasatda ýeten menzilleri, yzygiderli hem maksada gönükdirilen halkara başlangyçlary... birin-birin göz öňüňde janlanýar. Geçen ýylda daşary syýasatymyzyň binýatlaýyn esasy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý senesi mynasyp derejede bellenildi. 2021-nji ýyl bolsa türkmen diplomatiýasynyň öňünde ýene bir täze sepgidi — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli geçirmek ýaly belent wezipäni goýdy. Milli Liderimiziň: “Syýasat täsin guraldyr” diýen jümlesi bar. Gural bolsa öz-özünden hereket etmeýär, haýsy maksat üçin ulanylýanyny bilip, ony özüň hereketlendirmeli, iş bitirmeli. Halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletleriň hereketlerini utgaşdyrmagyň, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, döwletara gatnaşyklarda we ählumumy syýasatda ýüze çykýan islendik meseläni çözmegiň öz tärleridir serişdeleri, gurallarydyr ýollary bar. Adamzadyň toplan tejribesi, durmuşyň sapaklary ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadan ýaşaýşyň berkarar edilmeginde syýasy-diplomatik usullaryň hem parahatçylyk dörediji gurallaryň daýanç sütüni bolup hyzmat edýändigini ençe ýola subut etdi. 

         Hormatly Prezidentimiziň öz wagtynda öňe süren bu başlangyjyna örän ýokary baha bermekleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň syýasy gepleşiklerdir özara düşünişmegiň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy esasynda parahatçylyk medeniýetini berkitmegiň täzeçe usullarynyň we gurallarynyň kemala getirilmeginde möhüm ädime öwrülendigini ynamly aýtmaga esas berýär. Şeýle hem bu ýylda durnukly ösüşe, parahatçylyga we halklaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň täze sahypalary taryha täze öwüşgini berdi. Bu Gahryman Arkadagymyzyň dünýä uzaýan ynsanperwer we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanýandygyny äleme ýaýar.

Dünýä syýasatynda ýörgünli ulanylýan “Diwar däl-de, köpri gur!”, “Uruş däl, sungat döret!” diýen jümleler parahatçylygyň Ýer ýüzüniň ähli künjeginde-de bibaha gymmatlyk bolandygyna güwä geçýär. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi türkmen Bitaraplygynyň esasyny düzýän hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň üçünji müňýyllykda ösüşiň baş şertine öwrülýändigini tassyklaýar. 

Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen öz halkynyň ýagşy niýetlerini, türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ýagşy niýetlerini, türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji syýasatyny bütin dünýä,ähli halklara ýetiýän mähriban Arkadagymyzyň nurana ömri uzak, belent başy aman, beýik maksatlary hasyl bolsun!

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.