Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - HALKYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGINIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladasy, taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen halkyny dünýä tanady. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň ählisi  halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, röwşen geljegini kepillendirmek, jemgyýetiň bähbidini we ýurduň abadançylygyny üpjün etmek bolup durýar.

Gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkymyz “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen ýörelgä eýerip, döwletli işleriň başyny tutanda, il bähbitli çözgütler çözende bir jebis bolup, il-halky, dogan-garyndaşy bilen geňeş edipdirler, maslahatlaşyp, ylalaşypdyrlar. Bu asylly ýörelgä eýerip, şöhratly taryhymyzdan, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyz hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna degişli her bir işiň başyny başlanda ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, mähriban halkymyz bilen maslahatlaşyp, oňyn çözgütleri kabul edýär.

Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp syýasy we durmuş tejribesini has kämil derejede dowam edip gelýän, ösüşiň  täze  belentliklerine tarap ynamly gadam urýan agzybir türkmen halkymyz her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýär. Çünki halkymyzda ulyny  sylamak, olara sala salmak döwletlilik saýylýar.

“Pähim paýhas ummany –   Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekdi. Bu Karar 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan hödür edildi. Resminamada, halkyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýokary derejeli mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegini we 1-nji sentýabra çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny tabşyrmagy görkezilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek işleri Halk Maslahatynyň Diwany bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bilelikde utgaşdyrylar.

Halkyň pikir-isleglerini, garaýyşlaryny hemişe birinji nobatda goýýan, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda uly ähmiýete eýe boljak çözgütler kabul ediler. Bu bolsa halkymyzyň köpasyrlyk  milli däplerine we ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk etjek wakalaryň birine öwrüljekdigine, Halk Maslahatynda kabul edilen Kararlaryň ähmiýeti, many-mazmuny halkymyzyň bagtyýar şu gününiň, röwşen geljeginiň  kepili boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwri Ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň, edim-gylymlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýän, jemgyýetiň ösüşine täsir edýän esasy aýratynlyklarynyň döwrüdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk senesi ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugruny gurşap alan guwandyryjy ösüşler, oňyn özgertmeler, täze sepgitler, buýsandyryjy menziller bilen sazlaşyp, bu ösüşleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalarynyň, irginsiz zähmetiniň  netijesidir. 

Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň agzybir işgärleri bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, halkymyzyň abandançylygyny, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmekde, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça telekeçileriň, hususy kärhanalaryň, daýhan hojalyklaryň arasynda  wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatlaryny giňden wagyz ederis. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Guramaçylykly geçirmeklige gönükdirilen işleriň ählisine işjeň gatnaşarys. 

Her ýylda geçirilýän bu döwletli maslahat halkyň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmekde, raýat jemgyýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýän abadan halkymyzyň, bagtyýar telekeçilerimiziň güýç gaýratyna, döredijilik başlangyçlaryna uly ynam bildirýän we goldaw hemaýat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, tutumly işleri mundan beýläkde  rowaç bolsun!

Leýla Rejepowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.